tabşyrmak

tabşyrmak
işlik
1) Bir işi ýerine ýetirmegi birine buýurmak, biriniň üstüne ýüklemek.
∙ Doktor özüniň kömekçisine nämedir bir zatlar getirmegi tabşyrdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
2) Bir zady birine bermek, gowşurmak.
∙ Ýüň tabşyrmagyň plany artygy bilen ýerine ýetirildi. («Kolhoz Günleri»)
3) Synagdan geçmek, ekzamen bermek.
∙ Oraz rus dilini tabşyrdy.
4) Birine bir zady nesihat etmek, wesýet etmek, nygtap aýtmak.
∙ Janlarym, illäp-günläp, kel gyzy äre beren ýaly, muny-da bir sana geçireliň -- diýip, Aknabat eje tabşyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Çary Hoşgeldi brigadirleriň hemmesine berk tabşyryň, olar hemişe işleriniň üstünde bolsunlar! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»